Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet 2000 tonnadan gowrak pile tabşyran daýhanlaryň 'puluny tölemeýär'


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gyzylarbat, Magtymguly we Berket etraplarynyň daýhanlary, mugallymlary 2025-nji ýylda öndürip, döwlete tabşyran pileleriniň pullaryny henizem alyp bilmeýärler diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär. Pile tabşyran adamlar döwletiň mundan öňki ýyllarda daýhanlar bilen uzaga çekmän hasaplaşandygyny aýdýarlar. Ýurduň beýleki sebitlerindäki habarçylarymyz hem hökümetiň pile tölegini gijikdirendigini tassyk etdiler.

Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar döwletiň ozal pile hakyny bir hepdä galman töländigini, emma bu ýyl tölegiň haçan ediljeginiň hem belli däldigini aýtdylar.

Bu ýagdaý, bank resmisiniň sözlerinden çen tutulsa, daşary ýurtly alyjylaryň bu ýyl türkmen pilesinden ýüz öwürmegi netijesinde döräpdir.

Sebäpmi ýa-da bahana?

“Şu ýyl piläni döwlet harmanyna tabşyranymyza 1 aý 15 günden geçdi, Daýhanbankyň etrap bölüminiň müdiri ‘öndürilen pile hasylyna şu ýyl hyrydar ýok, daşary ýurtlaryň hyrydarlary türkmen pilesini satyn almakdan ýüz öwrüp durlar, hiç bolmasa 30 göterim pile satylsa, biz daýhanlar bilen doly hasaplaşarys diýip jogap berdi” diýip, gyzylarbatly daýhan Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pile ýetişdiren daýhanlara wada berlen künjara, kepek we un hem berilmedi.

Adatça bolşy ýaly, aprel aýynda daýhanlara ýüpek gurçuklarynyň tohumlary paýlanyp berlende, adamlary höweslendirmek üçin, bu ýylam dürli wadalary berdiler.

Her 10 gram ýüpek gurçugyny, ýagny gurçuk tohumyny alan adama arzan bahadan 100 kg künjara, 50 kg un, 50 kg kepek wadasyny berdiler diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen daýhanlar indi pullaryny alyp bilseler, bu zatlardan ‘geçendiklerini’ aýtdylar.

“...şu ýyl ýetişdirilen pile hasyly üçin pulumyzy wagtynda berseler bolýar, onsuzam 1kg pile üçin hökümet 1 dollardan sähel köp hak töleýär, ýyllardyr 23,80 manatdan satyn alýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi piläniň dünýe bazaryndaky bahalary bilen deňeşdirilende türkmen daýhanyna tölenýän puluň örän az bolýandygyny öňe sürdi.

"Gynansak-da, türkmen daýhanlary ýere urulýar..."

Adynyň aýdylmazlygyny soran pileçiniň hasaplamalaryna görä, türkmen hökümeti “pile ýetişdiren daýhanlara gyzyl pula satylýan pileden gelýän puluň 50-den 1 bölegini berýär”.

“...arassa ýüpegiň 1 kg 100 dollara çenli bahadan satyn alynýar, ol kosmiki gämiler ýa-da paraşýut ýasamak üçin gaýtadan işlense, müňlerçe dollara öwrülýär. Gynansak-da, türkmen daýhanlary ýere urulýar, döwletimiz tarapyndan [boýna dakylýan] agyr zähmet, ujypsyz zähmet haky zerarly daýhanlar ýurtdan gaçmaga mejbur bolýarlar” diýip, pileçi daýhan aýtdy.

Türkmenistanda pileçilik, pagtaçylyk senagaty ýaly, halkyň boýnuna dakylýan mejbury zähmetiň bir bölegi hasaplanýar we bu zähmetden magaryf işgärleri, mekdep okuwçylary, çagalar hem çetde galyp bilmeýär.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam şeýle ýagdaýlar gaýtalandy we Azatlygyň Ahal sebitindäki habarçysy maý aýynyň başynda geňeşliklerde pileçilik işlerine diňe uly adamlaryň däl, çagalaryň hem köpçülikleýin çekilip başlanandygyny, hatda esgerleriň hem ‘pileçiligi öwrenýändigini’ habar berdi.

Azatlyk bilen gürleşen mugallymlar öz işleriniň hem agyrdygyny, emma muňa garamazdan, pileçilik, pagtaçylyk işlerine ýyllar boýy mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýurtda tut ýapragy uly mesele bolmagynda galýar. Synçylar ýüpekçi, pileçi daýhanlaryň tut ýapragyny tapman, ýylda kösenýändigini, eger uzak aralykdan tapsalar, olary getirmäge ulag tapmaýandygyny aýdýarlar.

“Daýhanlara 1 kg pile üçin bolmanda 200 manatdan hak tölense, mejbury zähmet aradan aýylyp, Magtymguly, Bereket ýaly subtropik etraplarda azyndan 4 sapar ýüpek gurçugyndan hasyl, dahod almak mümkin, ýöne daýhana hak berilmeýär” diýip, pileçi daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 100 kg pile öndürmek üçin adam, öz sözleri bilen aýdylsa, eşek ýaly zähmet çekmeli, maşgalada 4 adam, jemi girdeji 2000 manat, adama aýda 500 manatdan iş haky tölendigi bolýar, bu gaty az, garbanyşhanalarda agşamlyk nahary ortaça müň manatdan geçýär.

Azatlygyň ýerli habarçylary şu aralykda diňe Balkanda däl, pile ýetişdiren daýhanlaryň Lebap, Mary, Daşoguz, Ahal sebitlerinde hem heniz pullaryny alyp bilmändigini habar berdiler.

" 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ri­ldi.."

Resmi maglumata görä, Türkmenistan şu ýyl­ ýurt bo­ýun­ça 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ri­p, bel­le­nen şert­na­ma­la­ýyn borç­na­many­ üs­tün­lik­li ber­jaý etdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, hä­zir­ki wagt­da türk­men ýü­pe­gin­den ýur­t­da il­kin­ji ge­zek pan­bar­ha­tyň tä­ze gör­nüş­le­ri çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy; Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bolup, olarda ýü­pek ha­ly­la­ry­, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy.

Türkmenistanda daýhanlaryň döwlet tabşyrygy esasynda hasyl ýetişdirip, eden işleriniň hakyny alyp bilmeýän halatlary mundan öňem bolupdyr.

Mysal üçin, Azatlygyň habarçysy geçen ýyl Balkan sebitinde güýzlük sogan eken kärendeçi daýhanlaryň uly zyýana galandygyny, bu zyýanyň döwletiň jogapkär wezipelerinde oturan adamlaryň gerek boljak gök, bakja önümleriniň hasabyny öňünden dogry çykaryp bilmezligi bilen bagly bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň resmileri bilen habarlaşyp, oba adamlarynyň düşýän ýagdaýy barada hiç bir düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG