Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awaza" gyssagly bejerilýär, işe çydamadyklar öýüne 'boş gaýdýar'


"Awaza" görnüşi
"Awaza" görnüşi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň daş-töweregini ýokary derejede abadanlaşdyrmak üçin sebitlerden ýüzlerçe işçi migrant getirildi, olar günde sekiz sagatdan has kän, agyr şertlerde işlemeli bolýarlar, üstesine, tabşyrylan işleri wagtynda ýerine ýetirip bilmeseler işlän günleriniň haklaryny hem alyp bilmezler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän desgalaryň töwereginde başlanan işler öz wagtynda tamamlanyp, ‘birkemsiz görnüşde’ tabşyrylmaly, bu meselede başga hiç hili gürrüň ýa ‘bahana’ bolmaly däl diýdiler diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.

Azatlyk geçen aý Aşgabatda pensionerleriň şu ýyl “Awazanyň” türkmen halky üçin ýapylmak ähtimallygyndan alada edýändiklerini, “Ýekeje dynç alyş ýerimiz bardy, emma bu tomus olam bize ýetdirjek däl” diýip gürrüň edýändiklerini habar beripdi.

Bu aladalar prezidentiň maý aýynyň başynda Balkan sebitine eden saparyndan soň güýçlendi.

"Awaza" daşary ýurtly myhmanlary kabul etmäge 'taýýarlanýar'

Berdimuhamedow şonda bu sebitde geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlygyň hem gürrüňini edipdi.

Habarçy bilen gürleşen hünärmeniň sözlerine görä, türkmen hökümeti ýurduň pajarlap ösýändigini, halkyň bol-elin durmuşda ýaşaýandygyny görkezmek isleýär.

“Daşary ýurtlardan gelmegine garaşylýan myhmanlar üçin ähli oňaýlylyklar döredilýär. Myhmanhanalarda ýokary tizlikli internet ýola goýulýar, Hazar kenarynda gezelenç etmäge niýetlenen ýodajyklar bejerilýär, deňizde suwa düşülýän ýerleriň çägesöw kenarlarynyň çägeleriniň ýokarky gatlagy aýrylyp, arassa, täze çäge düşelýär. Myhmanhanalarda erkek myhmanlara hyzmat etmeli gyzlar saýlanyp alyndy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, nebit daşaýan tankeriň uçran heläkçiligi, ýag

tegmilleriniň köp ýere ýaýramagy zerarly, Gara deňziň Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerinde ekologiýa ýaramazlaşyp, köp adamyň ol ýerlerde dynç almakdan saklanmagyna we şu ýyl “Awaza” gelmegine garaşylýar.

Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, “Awaza” haýsy ýurtlardan näçe myhmanyň geljekdigini anyklap bilmeýär. Ýöne häzir deňiz kenaryna çekilen migrant işçileriň sany, jokrama yssyda alnyp barylýan işler ozal görülmedik möçberdäki myhmana garaşylýandygyny yşarat edýär.

Ýagdaýy gowulaşmadyk işçi öýüne 'pulsuz gaýdýar'

“Abadanlaşdyryş işleri örän gyssagly geçirilýär. Tomus paslynyň ikinji aýy, ýagny iýul aýyna çenli, wagt çäkli bolansoň, işçi migrantlar gije-gündiz işlemeli edilýär. Iş berijiler tabşyryk öz wagtynda, bellenen möhletine çenli ýerine ýetirilmese, işgärlere zähmet haklarynyň berilmejekdigini aýdyp, haýbat atýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, işçiler jokrama yssyda, bir garny, aç bir garny dok halda işlemeli bolýarlar, olar içýän suwlaryny hem oz hasabyna satyn almaly. Bärde suwam gymmat diýip, çeşme aýtdy.

“Awazada” plastik gaplarda satylýan bir ýarym litr arassa agyz suwunyň bahasy, paýtagtdaky baha bilen deňeşdirilende 20, 25% gymmat, ýagny Aşgabatda bir çüýşe suw 5, 6 manat bolsa, Awazada 8, 9 manat diýip, habarçy anyklaşdyrdy.

Howanyň gyzgynlyk derejesiniň 40-dan geçip, deňiz suwunyň bugarmagy, çyglylygyň ýokary bolmagy netijesinde, uzak ýerlerden gelen işçileriň işlerini ýitirýän halatlary hem az bolmaýar.

“Tüp yssyda essi aýylyp, huşuny ýitiren işgäri gün saýawanynyň aşagyna göterip getirýärler we ýüzüne suw sepip, özüne gelýänçä ýatyrýarlar. Eger gowulaşmasa, ol öýüne pulsuz gaýtmaly bolýar. Iş berijiler agyr hala düşen işçilere ýol puluny hem bermeýär” diýip, çeşme iş berýän hususy kärhanalaryň eýeleriniň köpüsiniň Saud Arabystanyna gidip, haj zyýaratyny berjaý eden adamlardygyny hem sözüne goşdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan şu ýylyň ikinji ýarymynda Deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan döwletleriň halkara maslahatyny hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi meýilleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG