Gaz eksportunyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýän Türkmenistan şu ýyl goňşy Eýranyň üstünden Türkiýä we Yraga gaz satyp başlamak işine girişdi. Eýranyň we Ysraýylyň arasyndaky hüjümler Türkmenistanyň gaz eksportyna nähili täsir ýetirip biler? Azatlyk Radiosy bu barada düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.
Jon Robert Eýranyň energiýa infrastrukturasy Ysraýylyň hüjümleriniň öňünde ejiz diýýär. Energetika howpsuzlygy boýunça bilermen öz pikrini delillendirip, munuň Ysraýylyň gazgeçirijilere we nebit-gaz infrastrukturasyna hüjüm etjegini aňlatmaýandygyny, emma şeýle-de bolsa, olaryň hüjüm astyna düşmeginiň ähtimallygynyň saklanýandygyny belledi:
"Bu, hüjümleriň bolup biljegini aňladýar. Bu meseläniň bir tarapy, ikinjisi - syýasy. Eýranyň içinden geçýän ugra bil baglamagyň manysy barmy häzirki ýagdaýda? Diňe bir howpsuzlyk sebäpli däl, eýsem, Eýrana garşy halkara sanksiýalar hem-de Türkmenistanyň gaz eksport girdejilerine gezek gelende Eýrana bil baglamagy, onuň bilen işleşip biljek ýurtlarda iş salyşmaga göwünsizlik döredip biler. Men, Türkmenistanyň [Eýranyň üstünden] Yraga we Türkiýä ugratjak bolýan kiçi möçberde gaz akdyrmagynyň manysy bar diýip pikir etmeýärin" .
Degişli maglumat Yrak Türkmenistandan gazy “swap mehanizmi” arkaly alar – mediaJon Roberts Türkiýäniň türkmen gazyny satyn almak isleýän hem bolsa, öz gaz üpjünçiligini Eýrandaky ýagdaý sebäpli töwekgelçilik astyna goýmaga kaýyl boljagyna şübheli garaýar. Şeýle-de bilermen Türkiýäniň Ysraýylyň we Eýranyň asyndaky konflikte goşulmak islemejegini çak edýär.
Türkmenistan gazyny satmak barada fewralyň başynda Türkiýe bilen şertnama baglaşdy. Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki geçirijileri dolandyrýan BOTAS bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” konserni arasynda baglaşylan şertnama 1-nji martda güýje girip, Eýranyň üsti bilen 1,3 milliard kubmetr gazyň akdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmen gazynyň Eýranyň üstünden akdyrylmagynyň ýene biri hyrydary Yrak Türkmenistandan gazy geçiriji arkaly import etmek baradaky ozalky meýilnamasyndan geçen aýda ýüz öwürdi. 29-njy maýda media maglumatlarynda çap bolan habara görä, Yragyň türkmen gazyny gaz geçirijiler arkaly satyn almakdan ýüz öwürmegi ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary bilen bagly bolup, Yrak goňşy Eýrandan gaz almak bilen bir hatarda, bu üpjünçiligiň bir bölegini Türkmenistandan gelen gaz bilen çalyşmagy maksat edinýär.
Şol habarda täze üpjünçilik mehanizminiň “swap”, ýagny “gaz çalşygy” görnüşinde amala aşyryljagy aýdyldy. Onuň çäklerinde Türkmenistan her gün Eýranyň demirgazyk sebitlerine 20 million metr3 gaz iberer. Eýran bolsa şol möçberdäki öz gazyny Yraga eksport eder. Türkmen gazy bolsa Eýranyň içerki sarp edilişi üçin ulanylar.
Jon Roberts häzir Eýranyň öz energiýa ýagdaýynyň hem çylşyrymly boljagyny çak edip, bu ýagdaýda "gaz çalyşygy" arkaly Yraga gaz akdyrmagyň sorag astyna düşýändigini belleýär. Şeýle-de bilermen Eýranyň türkmen gazyny özi üçin satyn alyp biljegini, emma munuň syýasy taýdan Türkmenistan üçin amatly bolmajagyny belleýär.
"Teoriýada Türkmenistan gazyny Eýrana eksport edip bilerdi, bu bolsa, ýurduň gaz üpjünçiligine goldaw, emma Türkmenisan üçin netijeli çykalga bolup bilmez" diýip Roberts aýdýar.
"[Eýrandaky ýagdaý] Türkmenistany örän agyr ýagdaýa goýýar we onuň öňünde gaz eksportuny artdyrmak üçin haýsy ýoly saýlamaly diýen meseläni goýýar. Ol Hytaý bilen gatnyşyklaryny, bu ýurda satýan gazynyň mukdaryny artdyryp biler. Emma bu, Hytaýyň şertlerinde bolar. Türkmenistan gaz söwdasyny öz goňşulary Özbegistan we Gazagystan bilen edip biler. Emma bu ýurtlara ýylda 10 milliard kubometr gazy satyp bilse, bu belli bir derejede peýda getirse-de, Türkmenistanyň gaz ekportyny artdyrmak maksady üçin çykaga bolmaz. Üçünji mümkinçilik - Transhazar gaz geçirjisi".
Jon Roberts Transhazar arkaly Azerbaýjanyň üstünden Türkiýä gaz akdyrmaga mümkinçilik berip biljek bu gazgeçirijisini saýlap almagyň Türkmenistan üçin diňe bir ykdysady mümkinçilik bolman, eýse syýasy karar boljagyny belledi.
"Bu syýasy karary talap edýär" diýip, Roberts belledi.
Bilermeniň pikiriçe, Türkmenistan üçin uzakmöhletli gaz ugruny tapmak örän möhüm. Bu ýagdaýda Türkmenistanyň goňşy Özbegistana gaz satmagy çykalga bolup bilerdi. Eýrandaky ýagdaýyň bu ugurda itergi bolup biljegini Roberts belledi:
"Meniň pikirimçe, Özbegistan Türkmenistandan gaz almaga islegli görünýär, emma Türkmenistan Özbegistana gaz teklip etmäge taýýar däl görünýär. Belki-de bu ýagdaý Eýrandaky problemalaryň netijesinde üýtgäp biler" diýip Jon Roberts aýtdy.
Ysraýylyň we Eýranyň arasyndaky özara hüjümler Tähranyň ýadro programmasyny bozmak we ýokary harby ýolbaşçylaryny ýok etmek maksady bilen Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýranyň ýadro desgalaryna, harby bazalaryna we ýaşaýyş ýerlerine görlüp-eşidilmedik hüjümlerinden soň dowam edýär.
Türkmenistan bu ýagdaýa 13-nji iýunda giçlik resmi reaksiýa bildirdi.
Degişli maglumat Türkmenistan we Yrak türkmen gazynyň “swap” usulynda iberilmegini maslahatlaşdyTürkmenistan özüniň günorta goňşusy Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy Ysraýylyň amala aşyran zarbalary bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar sebitinde dartgynlylygyň güýçlenmegine “alada” bildirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda ýurduň syýasy ýa-da başga meseleleriň çözgüdi hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak haýbatyny “kabul etmeýändigi” bellendi, emma regiondaky dartgynlylygyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň Eýranyň üstünden eksporty bilen bagly planlary agzalmady.
Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan howa kampaniýasy güýçlenýärkä, Tähranda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyndan ýüz öwürmek we global nebit söwdasynyň iň möhüm ugurlaryndan biri bolan Hormuz bogazyny ýapmak baradaky çagyryşlar hem güýçlendi.
13-nji iýunda Ysraýyl Eýranyň ýadro we harby desgalaryna zarba urmagynyň yzýany nebitiň bahasy 12% -den gowrak ýokarlandy. AFP habar agentliginiň maglumatynda munuň çig mal üpjünçiliginiň kesilmegi we Ýakyn Gündogardaky çaknyşygyň möwjemegi bilen bagly howatyrlanmalar bilen bagly bolandygyny bellendi.
Degişli maglumat Türkiýe türkmen gazy boýunça ylalaşygyny ýene 5 ýyllyk uzaltmak isleýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.