Russiýanyň Kiýewe uran zarbasynda azyndan 14 adam öldi, onlarçasy ýaralandy

Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijesi

Russiýanyň 17-nji iýuna geçilýän gije Ukrainanyň paýtagty Kiýewe uran zarbalary netijesinde azyndan 14 adam öldi, 144 ýaşaýjy hem ýaralandy.

Hüjümde Kiýewiň Solomenskiý etrabyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň girelgesi, ýagny podýezdi dolulygyna ýumruldy.

Paýtagtyň azyndan 12 etrabyna zeper ýetendigi bellenilýär. Käbir ýerlerde ýangyn ýüze çykdy.

Odessa hem dronlar bilen edilen hüjüm netijesinde azyndan iki adam öldi. Şäheriň merkezi böleginde ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi.

Mundan başga-da, rus güýçleri Kiýew, Çernigow we Sumy sebitlerini hem nyşana aldy.

Moskwa bu hüjümler bilen baglanyşykly kommentariýa bermedi.