Netanýahu Eýranyň ýokary ruhany liderini öldürmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýar

Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu, ABC News telekanalyna beren interwýusynda, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýini ýok etmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, “bu hereket konfliktiň ulalmagyna däl-de, onuň soňuna çykmagyna getirip biler”.

Netanýahu bu beýanaty bilen, Günbatar metbugatynyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Hameneýini ýok etmek baradaky planlaryny ret edendigi baradaky maglumatlaryna jogap berdi. Tramp bu ädimiň urşuň has hem möwjemegine getirip biljekdigine howatyr bildiripdir.

“Eýran ‘ebedi urşy’ isleýär we bizi ýadro urşunyň bosagasyndaky ýagdaýda saklaýar. Aslynda Ysraýyl bu howpy ýok etmek we agressiýa soň bermek isleýär. Muny diňe ýamanlyk güýçlerine garşy durmak bilen gazanyp bileris” diýip, Netanýahu aýtdy.

“Ysraýyl hakykatdanam Hameneýini nyşana alyp bilermi?” diýen soraga Netanýahu: “Ysraýyl zerur zatlary edýär” diýip jogap berdi. Ol şeýle hem Ysraýylyň nyşana alýanlarynyň hatarynda Eýranyň öňdebaryjy ýadro alymlarynyň hem bardygyny aýtdy.

Netanýahu Ysraýylyň Eýranyň ýadro maksatnamasyny ýok etmek ugrunda edýän tagallalarynyň ABŞ-nyň milli bähbitlerine hem laýyk gelýändigini nygtady.

Mundan başga-da, ol The Wall Street Journal gazetiniň Eýranyň urşy bes etmek we ýadro gepleşiklerini täzeden dikeltmek isleýändigi barada araçylaryň üsti bilen yşarat iberendigi baradaky habaryny ret etdi.