Esgerler goşun gullugyndan öýlerine dolanýar, ýaşlarda harby gulluga isleg gaçýar

Esgerler. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda harby borjuny ýerine ýetiren raýatlaryň goşun gullugyndan gaýdyp gelmek möwsümi dowam edýär. Goşundan gaýdyp gelýän ýaşlaryň goşunda ýagdaý barada beren gürrüňlerine görä, olaryň watanyň öňündäki harby borjuny ýerine ýetirmek boýunça gulluk möhletiniň aglaba bölegi mugt iş güýji hökmünde dürli agyr işlerde, şeýle-de açlykda we sütemde geçipdir.

Türkmenistanda harby gullugyny tamamlap öýlerine gowuşýan oglanlaryň harby gullukda öz başlaryndan geçen günlerini ýatlap, 'hiç kime gulluk etmek miýesser etmesin' diýip gürrüň berýändigini Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary belleýärler.

"Orta mekdebi tamamlap harby gulluga baranlara hiç zat öwretmeýärler, diňe azar ýamanyny görkezýärler, bir bahana bolsa hökman urýarlar. Biz harby gulluga baranymyzdan tä gaýdýançak aç, hor bolduk hatda geýen harby eşigimizi arassa saklamaga mümkinçilik bolmady. Diňe harby eşik däl, öz arassaçylygymyza hem seredip bilmedik. Baran günümizden başlap harby eşige geçdik, harby kasamy ýat tutmakdan başga azandan tä agşam ýatylýan wagtyna çenli dürli işlerde işlemäge mejbur edildik" diýip, ýaşlaryň biri gürrüň berdi.

Degişli maglumat Esgerligi sowanlaryň çäresizligi bilen 'içgi keseliniň' arasynda baglanyşyk bar - Çeşme

Türkmenistanda harby borjuny ýerine ýetiren raýatlaryň goşundan öýlerine goýberilmegi şu ýyl aprel-iýun aralygynda amala aşyrylýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýaşlaryň sözlerine görä, esgerlikde harby gulluga degişli bolmadyk işlerden boýun gaçyranlar jezalandyrylýar.

"Işden boýun gaçyrsaň ýa-da buýrulan iş wagtynda amala aşyrylmasa özüňden ir baran esgerlerden taýak iýmek garaşýar. Olar kemeriň demiri bilen elleriň barmaklaryna urýardylar, käbir ýaş esgerleriň urulandan soň garalyp dyrnaklary goparyldy" diýip, golaýda goşun gullugyndan gaýdyp gelen ýene bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, esgerlere berlen esasy iýmit gaýnadylan bugdaý ýarmasy bolup, esgerler harby bölümde mis, alýumin we beýleki demir zatlary ogurlap, çörege çalyşmak ýaly işlere baş goşup gün görmeli bolupdyr.

Barlag 'gözboýagçylygy'

Harby bölümlerdäki ýagdaý barlagçylar gelen wagtynda gysga wagtlyk kadalaşan ýaly bolýar.

Goşun gullugyndan golaýda gaýdyp gelen ýigit şeýle gürrüň berdi:

"Haçanda harby bölüme barlag gelýär diýilende, biziň egin-başymyzy, aýakgabymyzy täze geýdirerdiler we barlag gidende yzyna tabşyrmaly diýerdiler. 'Eger-de hapalasaňyz, kelläňizde şänik döweris, yzyna hapalaman tabşyrmaly' diýip, buýruk bererdiler. Biziň ýatyp turýan kazarmamyz hlor bilen ýuwylardy we ýatýan 2-3 gatly demir krowatlarymyzyň ýorgan, düşek, ýassyk daşy täze geýdirilerdi, emma ýatmak bolmaýardy. Barlag giden sekundy olary yzyna kaptýorka tabşyrmaly edilerdi" diýip, esgerlikden gelen ýigit gürrüň berdi.

Öňki esgeriň sözlerine görä, adaty günlerden tapawutly işleriň barlagçylar gelende göz üçin amala aşyrylandygy dessine bildirip duran hem bolsa, bu ne goşun bölümindäki resmileriň, ne-de barlamaga gelenleriň ünsüni çekipdir.

"Gigiýena arassaçylyk barada aýdylanda, diňe barlag gelen günleri 50 adama 1 ädik krem berip ädiklerimizi reňklederdiler. Şeýle-de, her bir esgeriň tumbasynda 1 diş pasta, 1 diş şotka, ýarty gara sabyn, bir gezek ulanmak üçin niýetlenen britwa berip, ony hem ulanmak bolanok diýerdiler we gol çekdirip bererdiler, soň barlag giden sekundy yzyna tabşyrmalydy" diýip öňki esger gürrüň berdi.

Degişli maglumat Harby bölümlerdäki iýmit üpjünçiligi bilen bagly meseleler 'alada döredýär' - çeşmeler

Onuň sözlerine görä, harby bölümdäki bu ýagdaý gelýän barlagçylary gyzyklandyrmandyr. Hiç bir barlagçy "näme üçin diş pastasy, sabyn we beýleki zatlar bir sapar hem ulanylmady" diýen soragy bir gezek hem bermedi diýip, öňki esger belledi:

"Bizi nyzama duryzyp, 'kemçilik barmy' diýärdiler, bizem bir agyzdan 'ýok' diýip jogap berýärdik, emma ýeke ýekeden bir otaga çagyryp hiç birimiz bilen söhbetdeşlik geçmezdiler, sebäbi ol gelen barlagyň özleri bul bolup geçýän zatlardan habarly".

Begenç pursady

Goşun gullugyny tamamlap, golaýda öýlerine gaýdyp gelenleriň gürrüň bermegine görä, ýigitler goşundan goýberilende şatlygyny gizläp bilmän aglaýarlar.

"Men gullukdan boşanymda agladym. 'Indi beýle dowzah görkezme jan Allam' diýdim. Esgerleriň içinde adam hasabyna goýulman kemsidilenler bardy, emma arzyňy diňlejek ýokdy. Biziň içimizde çydaman gaçyp gidýänlerem bardy, olary hem getirip soň gaty köseýärdiler. Beçebazlyk ösýär. Uly esgerleriň arasynda ýaş esgeriň gowşak ýerini tapsa urup, soň jynsy gatnaşyga çekýänler bar. Muňa çydaman janyna kast edýänler hem az däldi" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan öňki esgerleriň biri gürrüň berdi.

Ýigitleriň maşgalalary hem perzentleriniň diri galyp, sag-aman gaýdyp gelmegine begenjine muny mümkinçilige görä, dabaralamaga çalyşýarlar.

Soňky döwürde ýaşlar goşundan gaýdyp gelende olary garşy almagyň käbir däpleri meşhur boldy, olaryň biri ýörite bezelen awtoulagda getirmek.

"Meniň öýümdäkiler men harby gullukdan garşy almak üçin awtoulag bezäpdirler. Onam uly ýola bezelen awtoulagda çykmak gadagan bolany sebäpli, öýümiziň golaýynda gizläp, öýümize golaýlanymda bir awtoulagdan beýleki bezegli awtoulaga geçirip, öýüme eltdiler", diýip, ýene bir ýigit aýtdy.

Degişli maglumat Çagyryş boýunça harby gullukçylar gowaçanyň otag we ýekeleme işlerine mejbury çekilip başlandy

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýylda iki gezek güýzde we bahar aýlarynda geçirilýän goşuna çagyryş möwsümi ýaşlar we ene-atalar üçin örän aladaly geçýär. Ene-atalar öz çagasynyň goşun gullugy üçin has amatly şertli hasaplanýan goşun bölümini saýlamak, ýa-da olary gullukdan alyp galmak ugrunda mümkinçiligine görä, çäre görmäge synanyşýarlar.

Soňky döwürde ýaşlaryň duýdansyz goşuna alnyp gidilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi hem ilatyň goşun gullugy bilen bagly gorkularyny güýçlendirýär.

Häzirki günde orta mekdebi tamamlaýan ýaş oglanlary woýenkomatlara çagyryp, 1-2 gün hem taýýarlyk wagtyny bermezden, göni bir otaga gabap alyp harby gulluga ugratýarlar diýip, habarçymyz belleýär.

Degişli maglumat Goşun gullugyna güýzki çagyryş esgerleriň ene-atalarynyň gorkularyny artdyrdy

"Biz oglumyz woýenykomata gitdi häzir geler diýip garaşdyk, emma azanky gidişine günortanam, agşamam öýe gelmändigi sebäpli biz gaty biynjalyk bolduk. Bizi ata-enesini habarly etmezden, ony woýenkomatda saklap, şol güni agşam otly bilen harby gulluga äkidipdirler" diýip, golaýda esgerlige alnan ýigidiň hossary gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, tutuş maşgala uzakly gije uklap bilmän, ertesi woýenekomata baranda oglanyň harby gulluga äkidilendigini bilip galypdyr.

"Hiý bular bizi habarly etmeli dälmi? Biz oglumyza ýolda bir bolmasyz iş bolaýdymyka, ýa-da hassahana düşdimikä diýip, umuman nireden oglumyzy gözlemelisini hem bilmän tas ýüregimiz agzymyzdan çykypdy" diýip, esgeriň ejesi aýdýar.

Problemanyň üsti açylsa

Goşun gullugyny başdan geçiren raýatlar, olaryň ýakynlary we hatda harbylar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanda, goşundaky bidüzgünçilikleriň aradan aýylmagy üçin olaryň köpçülige mälim bolmagynyň, resmi taýdan aç-açan boýun alynmagynyň we soň düýpli çäre görlüp başlanmagynyň zerurlygyny nygtaýarlar.

"Eger harby bölümlerdäki ýagdaý wideo ýazga düşürilip, her bir esger bilen aýry-aýrylykda söhbetdeşlik geçirilip, žurnalistler hakykaty, Türkmenistanyň esgerleriniň hal-ahwaly, çekýän agyr jebirini açyp görkezseler ýagdaý düzelip bilerdi. Bolmasa ähli zat ýalandan edilýär, diňe gözboýagçylyk" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Bu problema döwlet mediasynda hem gozgalmaýar.

Degişli maglumat Harby borjuny ýerine ýetirenleriň goşundan goýberilmegi 'gymmatlady'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.